1366

84-nji bap

1366

84-nji bap

1366

84-nji bap

"Omar ibn Hattabdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Haçanda, Abdullah ibn Ubeý ibn Selul ölen wagty, onuň jynaza namazyny okamak üçin Resulullah sallallahu aýlehi wesellemi çagyrdylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýerinden turan badyna men ýerimden böküp turdym-da, onuň ýanyna baryp: “Ýa Resulallah! Sen Ibn Ubeýýiň jynaza namazyny okajak bolýaňmy? Ol pylan gün, şeýle şeýle diýmedimi näme?” diýip, onuň ähli diýen zatlaryny ýeke-ýeke sanap başladym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýylgyrdy-da: “Omar! Meniň ýanymdan git!” diýdi. Haçanda men, oňa garşy gidip, köpräk sözler aýdanymda, ol şeýle diýdi: “Maňa saýlamaga ygtyýar berildi, men hem magfiret dilemegi saýladym. Egerde men onuň günäleriniň geçilmegi üçin ýetmişden köpräk dilän ýagdaýymda geçiljegini bilsedim, onda men ondanam köpräk dilärdim”. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň jynaza namazyny okap, yzyna gaýdyp geldi. Emma az wagtdan soň, “Baraa” süresinden şu iki aýat indi: “Olardan ölenleriň jynaza namazyny okama, (haýyr-doga etmek üçin) olaryň mazarynyň başynda-da durma! Çünki olar Allahy we Onuň ilçisini tassyk etmediler hem-de ýoldan azaşan pasyklar hökmünde heläk boldular”. {Toba:84} Omar: “Soň-soňlar men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňünde şol günki özümiň batyrlygyma geň galdym. Allah we onuň Resuly has gowy bilýändir” diýdi."

حَدَّثَنَا يَحْيَى بْنُ بُكَيْرٍ، حَدَّثَنِي اللَّيْثُ، عَنْ عُقَيْلٍ، عَنِ ابْنِ شِهَابٍ، عَنْ عُبَيْدِ اللَّهِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ، عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ، عَنْ عُمَرَ بْنِ الخَطَّابِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمْ، أَنَّهُ قَالَ: لَمَّا مَاتَ عَبْدُ اللَّهِ بْنُ أُبَيٍّ ابْنُ سَلُولَ، دُعِيَ لَهُ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ لِيُصَلِّيَ عَلَيْهِ، فَلَمَّا قَامَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ وَثَبْتُ إِلَيْهِ، فَقُلْتُ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، أَتُصَلِّي عَلَى ابْنِ أُبَيٍّ وَقَدْ قَالَ يَوْمَ كَذَا وَكَذَا: كَذَا وَكَذَا؟ أُعَدِّدُ عَلَيْهِ قَوْلَهُ، فَتَبَسَّمَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ وَقَالَ: «أَخِّرْ عَنِّي يَا عُمَرُ» فَلَمَّا أَكْثَرْتُ عَلَيْهِ، قَالَ: «إِنِّي خُيِّرْتُ فَاخْتَرْتُ، لَوْ أَعْلَمُ أَنِّي إِنْ زِدْتُ عَلَى السَّبْعِينَ يُغْفَرُ لَهُ لَزِدْتُ عَلَيْهَا» قَالَ: فَصَلَّى عَلَيْهِ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ ثُمَّ انْصَرَفَ، فَلَمْ يَمْكُثْ إِلَّا يَسِيرًا، حَتَّى نَزَلَتِ الآيَتَانِ مِنْ بَرَاءَةٌ: ﴿وَلاَ تُصَلِّ عَلَى أَحَدٍ مِنْهُمْ مَاتَ أَبَدًا﴾ [التوبة: 84] إِلَى قَوْلِهِ ﴿وَهُمْ فَاسِقُونَ﴾ [التوبة: 84] قَالَ: فَعَجِبْتُ بَعْدُ مِنْ جُرْأَتِي عَلَى رَسُولِ اللَّهِ ﷺ يَوْمَئِذٍ، وَاللَّهُ وَرَسُولُهُ أَعْلَمُ.

Salgylanma:

” •Abdulla ibn Ubeýý medinedäki hazraj tiresiniň tanymal adamlarynyň biri. Ol ilkinji munafyklaryň baştutany hasap edilýär. • Allah Tagala şeýle diýdi: “Sen Allahdan olaryň günälerini geçmegini dileg etseňem, etmeseňem, egerde, ýetmiş gezek dileseňem, Allah olary bagyşlamaz” {Toba:80}.”