1362

82-nji bap

1362

82-nji bap

1362

82-nji bap

"Alydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek biz “Baki’ul-Garkad” gonamçylygynda bir jynazada-dyk. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hem biziň ýanymyza gelip oturdy. Biz Onuň töweregine geçip oturdyk. Onuň elinde kiçijik bir taýajygy bardy. Başyny aşak egip, elindäki taýajygyny ýere urup başlady we soňra şeýle diýdi: “Siziň içiňizde Jennetde we dowzahda orny kesgitlenmedik hiç kimse ýokdur, şeýle hem her bir adamyň bagtly ýa-da bagtsyz boljagy hem ýazylyp goýulandyr”. Şol wagt sahabalardan biri: “Ýa Resulallah! Onda biz amal (ybadat) etmegi taşlap, diňe ýazgydymyza bil baglamaly bolýarysmy? Kim biziň içimizden bagtlylardan bolsa, ol iň soňy bagtlylaryň amalyny edip (Jennete girer), bagtsyzlardan bolanam iň soňy bagtsyzlaryň edýän amalyny edip (dowzaha girer)” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bagtly adamlara bagtlylaryň amallaryny etmek ýeňilleşdiriler, bagtsyz adamlara-da bagtsyzlaryň amallary ýeňilleşdiriler” diýdi. Soňra şu aýaty okady: “Kim (öz emlägini Allahyň ýolunda) sarp etse, takwa bolsa (günälerden saklansa), we iň gowyny (Allanyň birligini) tassyklasa, Biz oňa iň aňsady (jenneti) miýesser ederis”. {Leýl:5-7} "

حَدَّثَنَا عُثْمَانُ، قَالَ: حَدَّثَنِي جَرِيرٌ، عَنْ مَنْصُورٍ، عَنْ سَعْدِ بْنِ عُبَيْدَةَ، عَنْ أَبِي عَبْدِ الرَّحْمَنِ، عَنْ عَلِيٍّ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: كُنَّا فِي جَنَازَةٍ فِي بَقِيعِ الغَرْقَدِ، فَأَتَانَا النَّبِيُّ ﷺ فَقَعَدَ وَقَعَدْنَا حَوْلَهُ، وَمَعَهُ مِخْصَرَةٌ، فَنَكَّسَ فَجَعَلَ يَنْكُتُ بِمِخْصَرَتِهِ، ثُمَّ قَالَ: «مَا مِنْكُمْ مِنْ أَحَدٍ، مَا مِنْ نَفْسٍ مَنْفُوسَةٍ إِلَّا كُتِبَ مَكَانُهَا مِنَ الجَنَّةِ وَالنَّارِ، وَإِلَّا قَدْ كُتِبَ شَقِيَّةً أَوْ سَعِيدَةً» فَقَالَ رَجُلٌ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، أَفَلاَ نَتَّكِلُ عَلَى كِتَابِنَا وَنَدَعُ العَمَلَ؟ فَمَنْ كَانَ مِنَّا مِنْ أَهْلِ السَّعَادَةِ فَسَيَصِيرُ إِلَى عَمَلِ أَهْلِ السَّعَادَةِ، وَأَمَّا مَنْ كَانَ مِنَّا مِنْ أَهْلِ الشَّقَاوَةِ فَسَيَصِيرُ إِلَى عَمَلِ أَهْلِ الشَّقَاوَةِ، قَالَ: «أَمَّا أَهْلُ السَّعَادَةِ فَيُيَسَّرُونَ لِعَمَلِ السَّعَادَةِ، وَأَمَّا أَهْلُ الشَّقَاوَةِ فَيُيَسَّرُونَ لِعَمَلِ الشَّقَاوَةِ» ثُمَّ قَرَأَ: ﴿فَأَمَّا مَنْ أَعْطَى وَاتَّقَى وَصَدَّقَ بِالحُسْنَى﴾ [الليل: 6] الآيَةَ.