"Sa‘yd ibn Musaýýabdan rowaýat edilmegine görä, onuň kakasy (Musaýýab ibn Hazm) şeýle habar beripdir: “Haçanda Ebu Talyba ölüm wagty gelende, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň ýanyna geldi. Onuň ýanynda Ebu Jehl ibn Hişam we Abdulla ibn Ebu Umeýýe ibn Al-Mugyra bardy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ebu Talyba: “Eý agam! “Lä ilähä illallah” kelimesini aýt, men Allahyň huzurynda saňa şaýat bolaýyn!” diýdi.
(Muny eşidip) Ebu Jehl we Abdulla ibn Ebu Umeýýe: “Eý, Ebu Talyb, indi, sen hakykatdanam Abdulmuttalybyň dininden dänjekmi?” diýdi.
Şondan soň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa (bu kelimäni diýdirjek bolup) dowam etdi durdy. Ol ikisem öz sözlerini gaýtalap durdylar. Iň soňunda Ebu Talyb özüniň soňky sözüni, Abdulmuttalybyň dininde galýandygyny tassyklap, “Lä ilähä illallah” kelimesini aýtmakdan ýüz öwürdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şonda: “Allahdan ant içýärin, maňa gadagan edilmedik ýagdaýynda, seniň üçin Allahdan magfiret dilär duraryn!” diýdi. Soňra Allah Tagala şu aýaty inderdi: “Eger (Allaha) şärik goşanlar garyndaşlary hem bolsalar, (kapyr bolup ölüp) dowzahylardygy mälim bolandan soň, Pygambere we mu’minlere olaryň günäleriniň geçilmegini dilemek ýaraşmaz”. {Toba:113}"