"Ibn Şihabdan habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Egerde, bozuk, zyna eden aýalyň çagasy bolsada, her bir ölen çaga jynaza namazy okamalydyr. Çünki ol Yslam fytratynda (ýagny Yslam tebigatynda, musulman bolup) dogulandyr.
Egerde, onuň ene-atasy musulman bolsa, ýa-da diňe atasy musulman bolsa, hat-da ejesi musulman bolmasa-da, çaga eneden dogulan wagty aglap dogulan bolsa, onda şol çaga jynaza namazyny okamaly. Egerde, çaga doglanda aglaman dogulsa, onda onuň üçin jynaza namazy okalmaýar, çünki ol wagtyndan öň düşen çaga hasap edilýär.
Ebu Hureýre (Allah ondan razy bolsyn) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden şeýle gürrüň bererdi: “Her bir çaga dogulanda fytratda (ýagny, musulman bolup) dogulýandyr. Ony ýehudy edýän-de, nasrany edýän-de ýa-da mejusy edýän, onuň ene-atasydyr.
Onuň mysaly edil haýwanlaryň çagasy bir kemsiz, ähli agzalary ýerbe-ýer bolup dogluşy ýalydyr. Siz burny ýa-da başga bir agzasy kesilen halynda dogulýan haýwan çagasyny görýän dälsiňiz?!”.
Şondan soň Ebu Hureýre (Allah ondan razy bolsyn) şu aýaty okardy: “(Eý, Muhammed!) Allahyň ynsanlary ýaradan tebigaty (ýekehudaýlylyk ynanjy) bilen ýüzüňi hanyf (hak dinli) bolup diňe Oňa öwür! Allahyň ýaradyşynda hiç hili üýtgeşme ýokdur! Ine, bu dogry dindir. Ýöne adamlaryň köpüsi muny bilmezler”. {Rum:30}"