1344

72-nji bap

1344

72-nji bap

1344

72-nji bap

‘Ukba ibn ‘Amyrdan rowaýat edilmegine görä, bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Uhud söweşinde wepat bolanlara jynaza namazyny okady, soňra münbere çykyp şeýle diýdi: “Elbetde, men, sizden öň giderin we siz barada şaýatlyk ederin. Allahdan ant içýärin, men şu wagt hem (Jennetdäki) howuzymy görüp duryn we maňa Ýer ýüzüniň hazynalarynyň açarlary (ýa-da Ýeriň açarlary) berildi. Wallahy, men siziň menden soň müşrik bolmagyňyzdan gorkmaýaryn, ýöne welin (dünýä maly üçin) öz araňyzda biri-biriňiz bilen bäsleşmegiňizden gorkýaryn!”.

حَدَّثَنَا عَبْدُ اللَّهِ بْنُ يُوسُفَ، حَدَّثَنَا اللَّيْثُ، حَدَّثَنِي يَزِيدُ بْنُ أَبِي حَبِيبٍ، عَنْ أَبِي الخَيْرِ، عَنْ عُقْبَةَ بْنِ عَامِرٍ: أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ خَرَجَ يَوْمًا، فَصَلَّى عَلَى أَهْلِ أُحُدٍ صَلاَتَهُ عَلَى المَيِّتِ، ثُمَّ انْصَرَفَ إِلَى المِنْبَرِ، فَقَالَ: «إِنِّي فَرَطٌ لَكُمْ، وَأَنَا شَهِيدٌ عَلَيْكُمْ، وَإِنِّي وَاللَّهِ لَأَنْظُرُ إِلَى حَوْضِي الآنَ، وَإِنِّي أُعْطِيتُ مَفَاتِيحَ خَزَائِنِ الأَرْضِ - أَوْ مَفَاتِيحَ الأَرْضِ - وَإِنِّي وَاللَّهِ مَا أَخَافُ عَلَيْكُمْ أَنْ تُشْرِكُوا بَعْدِي، وَلَكِنْ أَخَافُ عَلَيْكُمْ أَنْ تَنَافَسُوا فِيهَا«.