1303

43-nji bap

1303

43-nji bap

1303

43-nji bap

"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýdi: “Bir gezek, biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen demirçi ussa Ebu Seýfiň ýanyna bardyk. Ebu Seýf (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ogly) Ibrahimyň süýt emişen kakasydy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselem Ibrahimi gujagyna alyp, ony ogşap, ysgap başlady. Soňky gezek Ebu Seýfiň ýanyna baranymyzda, Ibrahim eýýäm jan tabşyrjak bolup durdy. Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň gözlerinden ýaş akyp başlady. Muny gören Abdurrahman ibn ‘Auwf: “Ýa Resulallah! Senem aglaýarsyňmy?!” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Eý Ibn ‘Auwf! Elbetde, bu görýän gözýaşlaryň bir rahmetdir” diýdi, Soňra ýene-de gözlerinden ýaş döküldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de şeýle diýdi: “Elbetde, gözler aglar, ýürek gynanar, ýöne biz Robbumyzyň razy boljak sözlerinden başga zat aýtmarys. Eý Ibrahim! Biz senden aýrylandygymyz üçin hakykatdanam gynanýarys!”"

حَدَّثَنَا الحَسَنُ بْنُ عَبْدِ العَزِيزِ، حَدَّثَنَا يَحْيَى بْنُ حَسَّانَ، حَدَّثَنَا قُرَيْشٌ هُوَ ابْنُ حَيَّانَ، عَنْ ثَابِتٍ، عَنْ أَنَسِ بْنِ مَالِكٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: دَخَلْنَا مَعَ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ عَلَى أَبِي سَيْفٍ القَيْنِ، وَكَانَ ظِئْرًا لِإِبْرَاهِيمَ عَلَيْهِ السَّلاَمُ، فَأَخَذَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ إِبْرَاهِيمَ، فَقَبَّلَهُ، وَشَمَّهُ، ثُمَّ دَخَلْنَا عَلَيْهِ بَعْدَ ذَلِكَ وَإِبْرَاهِيمُ يَجُودُ بِنَفْسِهِ، فَجَعَلَتْ عَيْنَا رَسُولِ اللَّهِ ﷺ تَذْرِفَانِ، فَقَالَ لَهُ عَبْدُ الرَّحْمَنِ بْنُ عَوْفٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: وَأَنْتَ يَا رَسُولَ اللَّهِ؟ فَقَالَ: «يَا ابْنَ عَوْفٍ إِنَّهَا رَحْمَةٌ»، ثُمَّ أَتْبَعَهَا بِأُخْرَى، فَقَالَ ﷺ: «إِنَّ العَيْنَ تَدْمَعُ، وَالقَلْبَ يَحْزَنُ، وَلاَ نَقُولُ إِلَّا مَا يَرْضَى رَبُّنَا، وَإِنَّا بِفِرَاقِكَ يَا إِبْرَاهِيمُ لَمَحْزُونُونَ»، رَوَاهُ مُوسَى، عَنْ سُلَيْمَانَ بْنِ المُغِيرَةِ، عَنْ ثَابِتٍ، عَنْ أَنَسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، عَنِ النَّبِيِّ ﷺ.