128

49-nji bap

128

49-nji bap

128

49-nji bap

"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mu’az bilen bile bir düýede gidip barýarkalar, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mu’aza ýüzlenip: -Eý Mu’az ibn Jebel! diýdi. Ol: -Lepbeý, Ýa Resulallah! Men siziň hyzmatyňyzda! diýip aýtdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: -Eý Mu’az! diýip ýüzlendi. Ol ýene-de: -Lepbeý, Ýa Resulallah! Men siziň hyzmatyňyzda! diýip, üç gezek gaýtalandan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: -Kimde-kim, Allahdan başga hiç bir hudaý ýok, Muhammed hem Onuň guly we Pygamberi” diýip, çyn ýürekden şaýatlyk getirse, Allah ony dowzah oduna haram eder, diýdi. Mu’az: -Ýa Resulallah! Bu buşlugy adamlara habar berip, olary hem begendireýinmi!? diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: -Eger sen muny olara habar berseň, olar arkaýynlaşyp, amal etmän galarlar, diýdi. Mu’az (ibn Jebel) öljek wagty, bu (habary) gizläni üçin günä bolar öýdüp gorkdy we aýdyp berdi”."

حَدَّثَنَا إِسْحَاقُ بْنُ إِبْرَاهِيمَ، قَالَ: حَدَّثَنَا مُعَاذُ بْنُ هِشَامٍ، قَالَ: حَدَّثَنِي أَبِي، عَنْ قَتَادَةَ، قَالَ: حَدَّثَنَا أَنَسُ بْنُ مَالِكٍ أَنَّ النَّبِيَّ ﷺ، وَمُعاذٌ رَدِيفُهُ عَلَى الرَّحْلِ، قَالَ: يَا مُعَاذَ بْنَ جَبَلٍ، قَالَ: لَبَّيْكَ يَا رَسُولَ اللَّهِ وَسَعْدَيْكَ، قَالَ: يَا مُعَاذُ، قَالَ: لَبَّيْكَ يَا رَسُولَ اللَّهِ وَسَعْدَيْكَ ثَلاَثًا، قَالَ: مَا مِنْ أَحَدٍ يَشْهَدُ أَنْ لاَ إِلَهَ إِلَّا اللَّهُ وَأَنَّ مُحَمَّدًا رَسُولُ اللَّهِ، صِدْقًا مِنْ قَلْبِهِ، إِلَّا حَرَّمَهُ اللَّهُ عَلَى النَّارِ، قَالَ يَا رَسُولَ اللَّهِ: أَفَلاَ أُخْبِرُ بِهِ النَّاسَ فَيَسْتَبْشِرُوا؟ قَالَ: إِذًا يَتَّكِلُوا وَأَخْبَرَ بِهَا مُعَاذٌ عِنْدَ مَوْتِهِ تَأَثُّمًا.