"Al-Aswaddan habar berilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Ibn Az-Zubeýr menden “Saňa Aişa köp syr aýdardy. Käbe hakda näme aýdyp berdi?” diýip sorady. Men hem oňa Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň “Eý, Aişa! Eger-de seniň kowumyň geçmişe şeýle ýakyn bolmadyk bolsady, (Ibn Az-Zubeýr “küpüre” diýdi), Käbäni ýykyp, adamlaryň bir tarapyndan girip, beýleki tarapyndan hem çykar ýaly, onda iki gapy goýardym” diýen sözüni aýdyp berdim.
Ibn Az-Zubeýr (öz döwründe, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň bu arzuwyny) amala aşyrypdyr” ."
“• ýaňy müşrüklikden çykmadyk bolsalardy, ýagny imanlary güýçli bolan bolsady, diýdigi.
• Ibn Az-Zubeýr halyf bolan wagty Käbäni ýykyp, onda iki sany gapy goýupdyr. Soň ýene-de ony öňküsi ýaly edipdirler.”