"Abdulla ibn Amrdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme (haç zyýaratyny eden wagty), Jamaratlaryň ýanynda birnäçe sorag berdiler. Şonda bir adam:
–Ýa Resulallah, daş atmazdan ozal, gurbanlyk kesdim? diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem:
–Zyýany ýok, (indi) daşyňy ataý! diýdi.
Ýene biri:
–Ýa Resulallah! Gurbanlyk kesmezden ozal, saçymy syrdym? diýdi.
Oňa-da jogap berip:
–Zyýany ýok, (indi) gurbanlygyňy kesäý! diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden (haç meselesinde) ir ýa-da giç edilen zatlar barada näme soralsa, ol diňe “Ediber, zyýany ýokdur!” diýip jogap bererdi.”"