"Ebu Burda ibn Ebu Musadan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün kakam) Ebu Musa El-Aş’ary agyr syrkaw halynda, kellesini aýallaryndan biriniň gujagynda goýup ýatyrka, özünden gitdi. (Aýaly gaty ses bilen aglap başlady). Ýöne (Ebu Musanyň) oňa muny gadagan edip gaýtarmaga ýagdaýy ýokdy. Haçan-da özüne gelenden soň şeýle diýdi:
“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň halaman ýüz öwüren adamlaryndan menem ýüz öwürýändirin. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bolsa, ölen adama ses edip aglaýan, saçlaryny syrýan we eşiklerini ýyrtýan aýallary (halamazdy), olardan ýüz öwürerdi”.
"