"Sa‘d ibn Ebu Wakkasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men “Hajjatul-Wadag” senesi agyr hassa bolup ýatyrkam, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meni soramaga gelerdi. Men: “Ýa Resulallah! Görşüň ýaly, meniň keselim gaty agyr. Men bir baý adam. Birje gyzymdan başga mirasdüşerimem ýok. Baýlygymyň üçden ikisini sadaka berip paýlaýynmy?” diýip soradym.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ýok” diýdi. Men: “Onda ýarysyny bereýinmi?” diýdim. Ol ýene-de: “Ýok” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Üçden birini beräý, hat-da üçden biri hem köp bolar. Mirasdüşerleriňi baý goýup gitmegiň, olary garyp goýup halka mätäç etmegiňden has haýyrlydyr. Allahyň razylygyny gazanmak üçin harçlan her bir zadyň, hat-da aýalyň agzynda goýan lukmanyň sogabyny hem alarsyň!” diýdi.
Men: “Ýa Resulallah, Siz (Mekkeden Medinä) gideniňizde men dostlarymdan aýra düşüp galmaly bolarmykam?” diýdim.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ýok, sen bu ýerde galmarsyň. Allahyň razylygy üçin (ençeme) ýagşy amallar edip, derejäňi we mertebäňi beýgeldersiň. Birnäçe mu’min adamlaryň senden peýdalanyp, beýleki kapyrlaryň bolsa, senden zyýan çekmekleri üçin, belki sen uzak ömür ýaşarsyň. Allahym! Sahabalarymyň hijretlerini tamamlaweri we olary yzlaryna gaýtarmaweri! Ýöne, biçäre, Sa‘d ibn Hawla!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Sa‘d ibn Hawlanyň Mekgede ölenine gaty gynandy”.
"