Jabir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Uhud güni kakamyň elhenç ýagdaýda öldürilen jesedi getirilip, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öňünde goýuldy. Onuň ýüzi bir mata bilen örtülendi. Men baryp ýüzüni açjak boldum, ýöne adamlar meni sakladylar. Soň ýene baryp açjak boldum, ýene-de adamlar meni sakladylar. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň emri bilen ony ýerden galdyrdylar. Şol arada bir aýalyň gykylygyny eşitdi: “Bu aýal kim?” diýip sorady. Adamlar: “Ol ‘Amryň gyzy (ýa-da ‘Amryň aýal dogany)” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ol aýal näme üçin aglaýar?”, ýa-da “Goý, ol aglamasyn! Çünki perişdeler tä ony ýerden galdyrýançaňyz onuň üstünde ganatlaryny ýaýyp durdylar” diýdi”.