1291

33-nji bap

1291

33-nji bap

1291

33-nji bap

"Mugyradan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir: “Meniň adymdan ýalan geplemek, başga biriniň adyndan ýalan geplän ýaly däldir. Bir kişi bilip durup maňa bir ýalan söz (ýa-da iş) ýöňkese, (ýagny, meniň aýtmadyk sözüme hadys diýse ýa-da etmedik işime etdi diýse) özi üçin dowzahdan bir ýer taýynlabersin!”. (Mugyra ýene-de şeýle diýdi): “Men ýene-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim: “Haýsy bir merhumyň yzyndan gaty ses bilen perýat edip aglansa, şol sebäpli oňa azap beriler”. "

حَدَّثَنَا أَبُو نُعَيْمٍ، حَدَّثَنَا سَعِيدُ بْنُ عُبَيْدٍ، عَنْ عَلِيِّ بْنِ رَبِيعَةَ، عَنِ المُغِيرَةِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ، قَالَ: سَمِعْتُ النَّبِيَّ ﷺ يَقُولُ: «إِنَّ كَذِبًا عَلَيَّ لَيْسَ كَكَذِبٍ عَلَى أَحَدٍ، مَنْ كَذَبَ عَلَيَّ مُتَعَمِّدًا، فَلْيَتَبَوَّأْ مَقْعَدَهُ مِنَ النَّارِ»، سَمِعْتُ النَّبِيَّ ﷺ يَقُولُ: «مَنْ نِيحَ عَلَيْهِ يُعَذَّبُ بِمَا نِيحَ عَلَيْهِ «.