"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Mekge feth edilen ýyly Huzagy (taýpasyndan) bolan adamlar (jahiliýýe zamanynda Huzaga taýpasyndan bir müşrük adamy öldürendikleri sebäpli), Benu Leýs taýpasynyň arasyndan bir adamy öldüripdirler. Bu wakany Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme habar berenlerinde, derrew düýesine münüp, adamlara ýüzlenip şeýle diýdi: “Elbetde, Allah Mekgede adam öldürmeklige rugsat bermeýär.
(Ýa-da Pile onuň ýanyna barmaga rugsat bermedi). (Ebu Abdulla Buhary: “öldürmek” we “pil” sözleriniň haýsysynyň aýdylandygyny (anyk bilmän) şübhelenipdir).
(Soňra) Allah olaryň üstüne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemi we mu’minleri musallat etdi. Hakykatdanam, menden öň hiç kime (bu şäherde) söweşmäge rugsat berilmedi. Menden soň hem hiç kime rugsat berilmez. Elbetde, meniň üçin hem bir günüň dowamynda belli bir wagt (aralygynda söweşmek) rugsat berildi. Indi, ýene-de (Mekge) tikeni ýolunmaýan, agajy kesilmeýän, (ýerden) tapylan zady eýesini tapyp gowşurmak üçin bolmasa, galdyryp bolmaýan (ýene-de) mukaddes bir ýere (öwrüldi.) Kimdir biri öldürilse, (onuň iň ýakyn garyndaşlary) iki zadyň birini saýlap biler: Ýa öldürilen adam üçin hun töleder ýa-da öldürilen adamyň maşgalasy (ganhory kysas edip öldürdip) ar alar”.
Soňra Ýemenden bir adam gelip: “Ýa Resulallah! (Şu sözleri) maňa ýazyp bersene” diýip haýyş etdi. (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) “Ebu pylana (bu sözleri) ýazyp beriň!” diýip emr etdi. Şol wagt Kureýişlilerden bir adam “Ýa Resulallah, izhir (otundan, ýagny hoşboý ysly gamyşdan) başgasy bolsun, çünki biz ony öýlerimizde we gabyrlarymyzda ulanýarys” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem tekrarlap aýtdy: “Izhirden başga, izhirden başga bolsun!”.
Ebu Abdulla (Buharydan): “Ol adama näme ýazyp berdi?” diýip soralanda. Ol “Oňa şu wagzy ýazyp berdi” diýdi."