Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Arafatda duran bir adam, birden öz düýesinden ýykylyp, boýnuny döwdürdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ony sidr we suw bilen ýuwuň-da, iki bölek mata bilen kepenläň. Ýöne oňa hiç-hili hoşboý yslardan çalmaň we onuň kellesini hem örtmäň. Çünki, ol Kyýamat güni “Lebbeýk, Allahumme lebbeýk” diýen halynda direler” diýdi.