Abdulla ibn Az-Zubeýrden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men (kakam) Az-Zubeýre: “Men senden pylan, pylan adamyň gürrüň berişi ýaly, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hadyslaryny gürrüň bereniňi eşitmedim” diýdim. Ol şonda şeýle diýdi: “Men Onuň ýanyndan hiç aýrylmadym, ýöne men Onuň “Bir kişi Maňa (aýtmadyk zadymy aýtdy, etmedik zadymy etdi diýip) ýalan ýöňkese, özi üçin dowzahdan ýer taýýarlabersin!” diýenini eşitdim”.