Abdulla ibn ‘Amrdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa: “Abdullah! Maňa seniň gijelerine namaz okap, gündizlerine-de agyz bekläp geçirýändigiňi habar berdiler?” diýdi. Men: “Hawa, men şeýle edýärin” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Muny etseň, gözleriň kütelişer we bedeniň ejizläp, gowşap galar. Elbetde, seniň bedeniň hem hak-hukugy bardyr, maşgalaňam haky bardyr. Şonuň üçin käwagt agyz beke, käwagt aç. Käwagtlar turda gije namaz oka, käwagtlar bolsa, ýat!” diýdi.