"Ebu Bekreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň döwürinde Gün tutuldy we Ol donuny arkasyndan süýräp, çykyp gitdi we baryp mesjide girdi. Adamlar Onuň daşyna üýşdiler. Olar bilen iki rekagat namaz okady. Gün açylandan soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Elbetde, Gün we Aý Allahyň alamatlaryndan iki sany alamatdyr. Olar hiç kimiň ölümi üçin tutulýan däldir. Egerde, şuňa meňzeş ýagdaý ýüze çyksa, derrew namaz okaň we tä açylýança, doga-dileg ediň!”.
(Bu hutbanyň sebäbi hem şudy) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Ibrahym atly ogly (şol, Gün tutulan güni) öldi we adamlar bu barada gürrüň edip (Günüň tutulmagy onuň ölümi sebäp boldy) diýip başlapdylar.
"