"Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe gün tutuldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem turup adamlar bilen namaz okap başlady. Kyraty (Kurany) gaty uzak okady. Soň rukuga egildi we rukugda uzak wagtlap durdy. Soňra rukugdan başyny galdyrdy we uzak wagtlap Kuran okady, ýöne owalky kyratyndan azyrakdy. Soňra ýene-de rukuga gitdi we rukugda uzak wagtlap durdy, ýöne owalky rukugyndan azyrak durdy. Soňra başyny galdyrdy we iki gezek sejde etdi.
Soňra turup ikinji rekagatda-da edil birinji rekagatdaky ýaly etdi. Soňra turup şeýle diýdi::
“Elbetde, Günüň we Aýyň tutulmagy hiç kimiň ölümi ýa-da ýaşaýşy bilen baglanşykly däldir. Emma olar Allahyň bendelerine görkezýän alamatlaryndan iki sany alamatdyr. Egerde, siz olaryň tutulanyny göreniňizde, derrew namaza duruň!”
"