"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Resulullah sallallahu aleýhi wesellemiň döwründe adamlar guraklyga sezewar boldular. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem juma güni münberiň üstünde hutba okap durka bir çarwadar ýerinden turup: “Ýa Resulallah! Mallar gyryldy, bala-çagalarymyz bolsa açlykdan ýaňa ejir çekýärler, biziň üçin Allahdan ýagmyr ýagdyrmagyny diläp beräýdä!” diýdi.
Resulullah sallallahu aleýhi wesellem ellerini ýokary galdyrdy. Şol wagt gök ýüzünde ýekeje bulut hem ýokdy. Şol bada asmanda daglar ýaly bulutlar peýda bolup gök ýüzüni tutdy. Soňra Ol heniz münberinden aşak düşmänkä, Onuň sakgalyndan ýagyş damjalarynyň togalanyp düşüp duruşyny gördüm . Şol gün uzakly gün, ertesi güni, birigüni, ondan soňky güni, tä, indiki Juma gününe çenli ýagyş dynman ýagyp durdy. Indiki jumada ýene şol öňki çarwa arap ýa-da başga biri ýerinden turup: “Ýa Resulallah! Jaýlarymyz ýykyldy, emlägimiz suw astynda galdy, biziň üçin Allahdan dileg edip beräýdä!” diýdi.
Soňra Resulullah sallallahu aleýhi wesellem ellerini ýokary galdyryp: “Allahummä! Hawaläýnä wälä ‘aläýnä!” (Allahym, üstümize däl-de, töweregimize ýagdyr!) diýdi.
Şondan soň, Ol eli bilen haýsy tarapdaky buluda yşarat etse, şol ýerden bulutlar dagap giderdi we asmanyň ýüzi açylardy. Şeýlelikde, Medine şäheri töweregi ýapyk, üsti açyk bir meýdan ýaly bolup durdy. Kanat jülgesi bir aýlap dynman suwdan dolup akdy. Daş töwerekden gelen her bir adam, şol güýçi ýagyşyň gürrüňini ederdiler”.
"