"Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek çölden gelen bir çarwadar adam juma güni Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! Mallar gyryldy, bala-çagalarymyzam, adamlaram heläk boldy” diýdi.
Resulullah sallallahu aleýhi wesellem ellerini galdyryp doga etdi, adamlaram ellerini galdyryp Onuň bilen bile doga etdiler.
Heniz mesjitden çykmadyk ýagyş ýagyp başlady. Indiki juma gününe çenli üstümize ýagyş ýagmagyny dowam etdi.
Ol adam ýene-de Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Ýa Resulallah! (Ýagyşdan ýaňa) ýolagçylar ýola çykyp bilmeýärler, ýollaram geçer ýaly bolmady” diýdi.
"