Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesjidiň içinde (naýzalary bilen) oýun oýnaýan habeşilere seredenimde, Ol meniň öňümi (iller görmez ýaly) perde bilen örtüp duran halyny görüpdim. Omar habeşilere gadagan etjek boldy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Degme olara!” diýdi. “Eý Erfide ogullary arkaýyn oýnaň!” diýdi”.