"Bara ibn ‘Azybdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurban baýramy güni, baýram namazyndan soň bize hutba okap şeýle diýdi: “Kimde kim biziň bu namazymyzy okap, ondan soňra biziň gurbanlyk edişimiz ýaly gurbanlygyny kesse, onda ol (gurbanlygyň sünnetine laýyk) iş etdigi bolar. Kimde-kim gurbanlygyny namazdan öň kesse, onda ol ýönekeý et üçin öldürilen bir goýun bolup (gurbanlyk bilen baglanşygy bolmaz we sogabyny gazanyp bilmez)”.
(Muny eşiden) Ebu Burda ibn Niýar ýerinden turup: “Wallahy, ýa Resulallah, men gurbanlyk etjek malymy namaza çykmazdan öň kesdim. Bu günüň iýip-içilýän gündigini bildim-de, howlugyp gurbanlygymy kesdim we ondan özüm iýdim hem-de çagalaryma we goňşularyma berdim” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Bu goýun et üçin öldürilen goýundyr” diýdi. Soňra Ebu Burda: “Ýa Resulallah, onuň ýaly bolsa, meniň heniz ýaşyny doldurmadyk bir urkaçy çebişim bar. Ol iki goýundan hem has gowy bolup görünýär. Onuň damagyny çalsam, meniň gurbanlygymyň ýerini tutup bilermi?” diýip sorady. Ol: “Hawa, bolar. Ýöne bu senden soňra hiç kimiň gurbanlygynyň ornuny tutup bilmez!” diýdi”.
"