"Hafsa binti Sirinden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz öňler baýram günlerinde uly gyzlarymyzyň (baýram namazlaryny okalýan ýerlere) çykmaklaryny gadagan ederdik. Bir gezek Benu Halaf ogullarynyň köşgüne bir aýal geldi. Menem onuň ýanyna bardym. Ol gelen aýal özüniň aýal doganynyň adamsynyň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen on iki söweşde söweşendigini we aýal doganynyň hem şol söweşleriň altysynda adamsy bilen bile söweşe gatnaşandygyny aýdyp berdi.
Onuň aýal dogany: “Biz söweşde näsaglara serederdik we ýaralananlary bejerdik” diýipdir. Bir gezek ol: “Ýa Resulallah! Biziň birimiziň jilbaby (ýagny daşary çykanda örtüner ýaly eşigi) ýoklugy sebäpli, (baýram günleri) namaz okalýan ýerlere çykmasa oňa günä bolarmy?” diýip sorapdyr. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Jorasy öz jilbabyndan oňa-da bersin we ol mu’minleriň haýyr işlerine we doga-dileglerine gatnaşsyn!” diýipdir”.
Hafsa binti Sirin şeýle diýdi: “Ummu ‘Atiýa gelende, men onuň ýanyna baryp: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle, şeýle diýenini eşitdiňmi?” diýip soradym. Ummu ‘Atiýa: “Hawa, kakam Oňa gurban bolsun!” diýdi. Ummu ‘Atiýa her gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň adyny tutanda: “Kakam Oňa gurban bolsun!” diýerdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ýaş gyzlar, perdeleriň aňrysynda oturan uly gyzlar we haýyzly aýallar (baýram gününde) namaz okalýan ýerlere çyksynlar we mu’minleriň haýyr işlerine we doga-dileglerine gatnaşsynlar. Ýöne haýyzly aýallar namaz okalýan ýerden daşrakda dursynlar” diýdi.
Hafsa: “Men ondan: “Haýyzlylarammy...?” Diýip soradym”. Ol: “Hawa. haýyzlylar näme, Arafa we pylan, pylan ýerlere gatnaşmaýarlarmy näme?” Diýip jogap berdi.
"