976

17-nji bap

976

17-nji bap

976

17-nji bap

"El-Baradan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurban baýramy güni “Bakyga” gitdi we iki rekagat namaz okady, soňra ýüzüni bize tarap öwürip şeýle diýdi: “Şu gün biziň ilkinji etmeli ybadatymyz, namazdyr . Soňra öýlerimize gaýdyp gurbanlyk mallarymyzy kesmelidiris. Kim şeýle etse, biziň sünnetimize laýyk iş etdigidir. Kimde-kim namaz okamazdan öň gurbanlygyny kesse, bu diňe howlugyp maşgalasyna hödür-kerem etdigi bir zat bolup, onuň gurbanlyk bilen hiç hili baglanşygy ýokdur ”. Şol wagt bir adam ýerinden turup: “Ýa Resulallah! Men gurbanlygymy namazdan öň kesipdirin, ýöne meniň bir çebişim bar, ol hatda ýaşyna ýeten geçiden hem gowy!” diýdi. (Allahyň Resuly) oňa: “Kesäý şony, ýöne bu senden soň hiç kime dogry bolmaz!” diýdi. "

حَدَّثَنَا أَبُو نُعَيْمٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ طَلْحَةَ، عَنْ زُبَيْدٍ، عَنِ الشَّعْبِيِّ، عَنِ البَرَاءِ، قَالَ: خَرَجَ النَّبِيُّ ﷺ يَوْمَ أَضْحًى إِلَى البَقِيعِ، فَصَلَّى رَكْعَتَيْنِ، ثُمَّ أَقْبَلَ عَلَيْنَا بِوَجْهِهِ، وَقَالَ: «إِنَّ أَوَّلَ نُسُكِنَا فِي يَوْمِنَا هَذَا، أَنْ نَبْدَأَ بِالصَّلاَةِ، ثُمَّ نَرْجِعَ، فَنَنْحَرَ، فَمَنْ فَعَلَ ذَلِكَ فَقَدْ وَافَقَ سُنَّتَنَا، وَمَنْ ذَبَحَ قَبْلَ ذَلِكَ، فَإِنَّمَا هُوَ شَيْءٌ عَجَّلَهُ لِأَهْلِهِ لَيْسَ مِنَ النُّسُكِ فِي شَيْءٍ» فَقَامَ رَجُلٌ، فَقَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، إِنِّي ذَبَحْتُ وَعِنْدِي جَذَعَةٌ خَيْرٌ مِنْ مُسِنَّةٍ؟ قَالَ: «اذْبَحْهَا، وَلاَ تَفِي عَنْ أَحَدٍ بَعْدَكَ«.

Salgylanma:

“• Baýram namazy • Ýagny gurbanlygyň sogabyny alyp bilmez. • Ýagny baýram namazyna • Ýagny geçi bir ýaşamasa gurbanlyk edip bolmaz diýdigidir. ”