Muhammed ibn Ebu Bekr As-Sakafiden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Biz Minadan Arafata gidip barýarkak, Enes ibn Mälikden (Allah ondan razy bolsun): “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen birlikde bolan döwrüňizde nähili ederdiňiz?” diýip, telbiýe hakynda soranymda, ol şeýle diýdi: “Lebbeýk ” diýmek islän kişi “Lebbeýk!” diýerdi, hiç kim hem beýle diýeni üçin zat diýmezdi. “Allahu Akbär” diýip tekbir almak islän kişi-de tekbir alardy. Oňa-da beýle edeni üçin zat diýen bolmazdy”.