968

10-nji bap

968

10-nji bap

968

10-nji bap

"El-Baradan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Gurban baýramy güni bize hutba okap şeýle diýdi: “Bu gün ilkinji etmeli işimiz namaz okamakdyr. Ondan soňra öýlerimize gaýdyp, gurban keseris. Kim şeýle etse, sünnetimize laýyk iş etdigi bolar. Kimde-kim namaz okamazdan öň gurbanlygyny kesse, bu diňe howlugyp maşgalasyna berdigi bir etden ybarat bolup, onuň gurbanlyk bilen hiç hili baglanşygy ýokdur ”. Şol wagt daýym Ebu Burda ibn Niýar ýerinden turup: “Ýa Resulallah! Men gurbanlygymy namaz okamazdan öň kesdim, ýöne meniň bir çebişim bar, ol hatda bir ýaşamadyk geçiden hem gowy!” diýdi. (Allahyň Resuly) oňa: “Onuň ýerine şony gurbanlyk edäý, ýöne bu senden soň hiç kime jaýyz däldir!” diýdi. "

حَدَّثَنَا سُلَيْمَانُ بْنُ حَرْبٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا شُعْبَةُ، عَنْ زُبَيْدٍ، عَنِ الشَّعْبِيِّ، عَنِ البَرَاءِ، قَالَ: خَطَبَنَا النَّبِيُّ ﷺ يَوْمَ النَّحْرِ، قَالَ: «إِنَّ أَوَّلَ مَا نَبْدَأُ بِهِ فِي يَوْمِنَا هَذَا أَنْ نُصَلِّيَ، ثُمَّ نَرْجِعَ، فَنَنْحَرَ فَمَنْ فَعَلَ ذَلِكَ فَقَدْ أَصَابَ سُنَّتَنَا، وَمَنْ ذَبَحَ قَبْلَ أَنْ يُصَلِّيَ، فَإِنَّمَا هُوَ لَحْمٌ عَجَّلَهُ لِأَهْلِهِ لَيْسَ مِنَ النُّسُكِ فِي شَيْءٍ»، فَقَامَ خَالِي أَبُو بُرْدَةَ بْنُ نِيَارٍ، فَقَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، أَنَا ذَبَحْتُ قَبْلَ أَنْ أُصَلِّيَ وَعِنْدِي جَذَعَةٌ خَيْرٌ مِنْ مُسِنَّةٍ قَالَ: اجْعَلْهَا مَكَانَهَا - أَوْ قَالَ: اذْبَحْهَا - وَلَنْ تَجْزِيَ جَذَعَةٌ عَنْ أَحَدٍ بَعْدَكَ.

Salgylanma:

“• Ýagny baýram gününde • Ýagny gurbanlygyň sogabyny alyp bilmez. • Ýagny baýram namazyna • Ýagny geçi bir ýaşamasa gurbanlyk edip bolmaz diýdigidir. ”