"Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Allahyň meniň bilen iberen hidaýaty we ylmy ýere ýagan bol ýagmyr ýalydyr. Onuň düşen ýeriniň bir bölegi berimli mes toprak bolup, suwy özüne siňdirer we ol ýerden bol-bol otlar, ösümlikler gögerer.
Başga bir bölegi bolsa suw içmeýän gaty ýer bolup, suwy özüne siňdirmän saklap durar. Allah ol ýeriň suwundan adamlary peýdalandyrar. Adamlar ol suwdan içerler we mallaryny suwa ýakarlar hem-de ekin ekerler.
Ýagmyryň ýagan ýeriniň ýene bir bölegi bolsa takyr ýerdir. Ol ýerde ne suw durar, ne-de ot gögerer (ol ýerden hiç hili peýda bolmaz).
Ynha, bu Allahyň dinine düşünip, Allahyň meniň bilen iberen zatlaryndan peýdalanyp we ony öwrenip, başgalara-da öwreden adamyň mysaly bilen, (onuň tersine), oňa kellesini-de galdyrman (gulak asman), meniň bilen iberilen hidaýatdan peýdalanyp bilmän, ony kabul etmedik adamyň mysalyna meňzär”."