Jäbir ibn Abdulladan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Juma güni hutba okap durka, bir adam mesjide girdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Sen namaz okadyňmy?” diýdi. Ol hem: “Ýok” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Turda, iki rekagat namaz oka!” diýdi”.