"‘Amr ibn Taglibden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme oljadan düşen bir topar baýlyk ýa-da söweşden ýesir düşen köpsanly gullary getirdiler. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olary paýlady. Ol bir topar adamlara şol zatlardan berişdirdi, bir toparlaryna-da hiç zat bermedi. Hiç zat berilmedik adamlaryň närazylyk bildirýändikleriniň (gep-gürrüňleri) Oňa gelip ýetdi. Ol şonda Allah Tagala hamdu-senalar edip, soňra “Emma ba’du” diýip, şeýle diýdi: “Allaha kasam bolsun, Men oljadan paý bermedik kişimi beren kişimden gowy görýändigime garamazdan, kimsine paý berip, kimsine-de bermän bilerin. Ýöne käbir kişilere baýlyk bermegime olaryň kalbynda sabyrsyzlygyň we tamakinçiligiň bardygyny gördigim üçin berýändirin. Käbirlerini bolsa, Allahyň kalblarynda ýaradan köňül baýlyklaryna we haýryna tabşyrýaryn. ‘Amr ibn Taglib hem şolardan biridir!” diýdi.
‘Amr ibn Taglib şeýle diýdi: “Wallahy, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň men hakda aýdan şu sözlerini hatda (şol döwürde iň gymmatly hasap edilýän) gyzyl düýelere-de çalyşmazdym!”.
"