922

29-nji bap

922

29-nji bap

922

29-nji bap

"Ebu Bekriň gyzy Äsmäden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) men Aişanyň (Allah ondan razy bolsun) ýanyna bardym. Şol wagt adamlar namaz okap duran ekenler. Men ondan: “Adamlara näme bolýar?” diýip soradym. Ol kellesi bilen asmana yşarat etdi. Men: “Bu bir alamatmy?” diýip soradym. Ol kellesini ýaýkap: “Hawa” diýdi. Äsmä şeýle diýdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namazy örän uzak okady. Men huşumy ýitirip, özümden gitjek boldum. Ýanymda suwly bir gap bardy. Men onuň agzyny açyp, kellämden suw akdyryp başladym. Ahyr Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namazyny okap boldy, Gün hem açylypdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namazdan soň adamlara hutba okamaga başlady. Allah Tagalanyň özüne mahsus sypatlar bilen hamdu-senalar aýdandan soň “Emma ba’du” diýdi. Birden ensarylardan bir topar aýallar gürleşip, ses edip başladylar, men olary dymdyrmak üçin olara tarap öwrüldim. Soňra Aişadan: “Ol näme aýtdy?” diýip soradym. Ol şonda: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýip aýtdy, diýdi: “Men ýaňyja şu duran ýerimde öň hiç haçan görmedik zatlarymy gördüm. Hatda, Jennet bilen dowzahy hem gördüm. Şeýle hem gabyrlaryňyzda dejjalyň synagyna meňzeş ýa-da şoňa golaýrak bir synag bilen synag ediljekdigiňiz barada hem maňa wahy edilip habar berildi. (Gabyrda) siziň her biriňiziň ýanyna gelip: “Bu adam, (ýagny Muhammed) hakda näme bilýärsiň?” diýip sorarlar. Mu’min (ýa-da ynanjy bar bolan) adam: “Bu Allahyň Resuly, Muhammed sallallahu aleýhi wesellemdir. Ol bize anyk subutnamalar we hidaýat (ýagny dogry ýol görkezmek üçin) geldi. Biz Oňa jogap hökmünde iman etdik we ony tassyk edip, yzyna eýerdik” diýer. Soňra (perişdeler) oňa: “Indi, sen arkaýyn dynjyňy al-da ýatyber, çünki biz seniň Oňa berk ynanýandygyňy öňem bilýärdik!” diýerler. Emma munafyk (ýa-da şübhelenýän adam) barada aýdylanda bolsa, oňa-da: “Sen bu adam hakda näme bilýärsiň?” diýip soralar. Ol: “Men bilmedim, men diňe adamlaryň Onuň hakynda aýdanlaryny eşitdim we men hem şony aýtdym” diýip jogap berer. "

وَقَالَ مَحْمُودٌ: حَدَّثَنَا أَبُو أُسَامَةَ، قَالَ: حَدَّثَنَا هِشَامُ بْنُ عُرْوَةَ، قَالَ: أَخْبَرَتْنِي فَاطِمَةُ بِنْتُ المُنْذِرِ، عَنْ أَسْمَاءَ بِنْتِ أَبِي بَكْرٍ الصِّدِّيقِ قَالَتْ: دَخَلْتُ عَلَى عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا، وَالنَّاسُ يُصَلُّونَ، قُلْتُ: مَا شَأْنُ النَّاسِ، فَأَشَارَتْ بِرَأْسِهَا: إِلَى السَّمَاءِ، فَقُلْتُ: آيَةٌ؟ فَأَشَارَتْ بِرَأْسِهَا: أَيْ نَعَمْ، قَالَتْ: فَأَطَالَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ جِدًّا حَتَّى تَجَلَّانِي الغَشْيُ، وَإِلَى جَنْبِي قِرْبَةٌ فِيهَا مَاءٌ، فَفَتَحْتُهَا، فَجَعَلْتُ أَصُبُّ مِنْهَا عَلَى رَأْسِي، فَانْصَرَفَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ وَقَدْ تَجَلَّتِ الشَّمْسُ، فَخَطَبَ النَّاسَ، وَحَمِدَ اللَّهَ بِمَا هُوَ أَهْلُهُ، ثُمَّ قَالَ: «أَمَّا بَعْدُ» قَالَتْ: - وَلَغَطَ نِسْوَةٌ مِنَ الأَنْصَارِ، فَانْكَفَأْتُ إِلَيْهِنَّ لِأُسَكِّتَهُنَّ، فَقُلْتُ لِعَائِشَةَ: مَا قَالَ؟ قَالَتْ: قَالَ -: مَا مِنْ شَيْءٍ لَمْ أَكُنْ أُرِيتُهُ إِلَّا قَدْ رَأَيْتُهُ فِي مَقَامِي هَذَا، حَتَّى الجَنَّةَ وَالنَّارَ، وَإِنَّهُ قَدْ أُوحِيَ إِلَيَّ أَنَّكُمْ تُفْتَنُونَ فِي القُبُورِ، مِثْلَ - أَوْ قَرِيبَ مِنْ - فِتْنَةِ المَسِيحِ الدَّجَّالِ، يُؤْتَى أَحَدُكُمْ فَيُقَالُ لَهُ: مَا عِلْمُكَ بِهَذَا الرَّجُلِ؟ فَأَمَّا المُؤْمِنُ - أَوْ قَالَ: المُوقِنُ شَكَّ هِشَامٌ - فَيَقُولُ: هُوَ رَسُولُ اللَّهِ، هُوَ مُحَمَّدٌ ﷺ، جَاءَنَا بِالْبَيِّنَاتِ وَالهُدَى، فَآمَنَّا وَأَجَبْنَا وَاتَّبَعْنَا وَصَدَّقْنَا، فَيُقَالُ لَهُ: نَمْ صَالِحًا قَدْ كُنَّا نَعْلَمُ إِنْ كُنْتَ لَتُؤْمِنُ بِهِ، وَأَمَّا المُنَافِقُ - أَوْ قَالَ: المُرْتَابُ، شَكَّ هِشَامٌ - فَيُقَالُ لَهُ: مَا عِلْمُكَ بِهَذَا الرَّجُلِ؟ فَيَقُولُ: لاَ أَدْرِي، سَمِعْتُ النَّاسَ يَقُولُونَ شَيْئًا فَقُلْتُ: قَالَ هِشَامٌ: فَلَقَدْ قَالَتْ لِي فَاطِمَةُ فَأَوْعَيْتُهُ، غَيْرَ أَنَّهَا ذَكَرَتْ مَا يُغَلِّظُ عَلَيْهِ.

Salgylanma:

“• Bu waka gün tutulan wagty bolup geçipdi. • Yagny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem. ”