"Ibn Şihabdan rowaýat edilmegine görä, ‘Ubeýdulla ibn Abdulla oňa şeýle habar beripdir: “Ibn Abbas bir gezek Al-Hurr ibn Kaýs ibn Hisn El-Fazari bilen Musa (aleýhissalamyň duşuşan) dosty hakynda jedel edipdir. Ibn Abbas “Ol adam Hydyr (aleýhissalam)” diýipdir. Şol wagt olaryň ýanyndan Ubeýý ibn Ka’b geçip barýan eken. Ibn Abbas ony ýanyna çagyryp: “Men bu dostum bilen Musa (aleýhissalamyň) duşuşmak üçin onuň ýoluny soran dosty hakda jedel etdim. Sen Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden ol hakda bir zat aýdanyny eşidipdiňmi?” diýdi. Ol “Hawa, men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim” diýip, şeýle gürrüň berdi: “Musa (aleýhissalam) Ysraýyl ogullaryndan bolan bir jemagatyň içinde otyrka, bir adam onuň ýanyna gelip: “Sendenem has köp bilýän birini tanaýarsyňmy?” diýip sorady. Musa “Ýok (tanamaýaryn)” diýdi. Şol wagt Allah Tagala Musa (aleýhissalama) wahy edip: “Ýok, beýle däl. Biziň Hydyr diýen bir gulumyz bardyr!” diýdi.
Musa (aleýhissalam) onuň ýanyna barmak üçin ýol salgy bermegi sorady. Allah onuň üçin bir balygy alamat edip goýdy. (Allah tarapyndan) oňa “Balygy ýitiren badyňa yzyňa dolanyp gel, şonda sen onuň bilen duşuşyp bilersiň” diýildi.
Musa (aleýhissalam) deňizdäki balygyň yzyny yzarlap başlady. Soňra Musanyň ýanyndaky ýaş hyzmatkär oňa şeýle diýdi: “Gördüňmi, ýaňy daşyň ýanynda (dynç alanymyzda), ol balygy ýatdan çykarypdyryn. Ony ýatlamagy unutdyran maňa şeýtandan başga hiç kim däldir” {Kehf:63}. Musa “Ine, biziň gözleýän zadymyz hem şu-da” diýdi hem-de olar yzlaryna, gaýdan ýerlerine tarap öwrüldiler {Kehf:64}. Soňra olar şol ýerde Hydyr (aleýhissalamy) gördüler. Şondan soň, Allah Azza we Jelläniň Öz kitabynda gürrüň beren zatlary olaryň başyna geldi”."