72

14-nji bap

72

14-nji bap

72

14-nji bap

Mujahid şeýle diýipdir: “Abdulla Ibn Omar (bir gezek) Medinä giden wagty, men oňa ýoldaş boldum. Men ondan Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hadyslaryndan diňe ýekeje bir hadysyndan başga hadys gürrüň berenini eşitmedim. Ol şeýle diýdi: “Biz (bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanynda wagtymyz, Oňa bir Jummar, (ýagny hurma agajynyň içindäki ýülügini) getirdiler. Şonda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Agaçlaryň arasynda bir agaç bardyr, onuň mysaly musulmana meňzeşdir. (Ol haýsy agaçdyr?”). Men şol wagt “Ol hurma agajy” diýjek boldum, ýöne ol ýerdäki adamlaryň içinde iň kiçisi bolanlygym üçin, men gürlemän durdum. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem “Ol agaç, hurma agajydyr” diýdi.

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ، حَدَّثَنَا سُفْيَانُ، قَالَ: قَالَ لِي ابْنُ أَبِي نَجِيحٍ، عَنْ مُجَاهِدٍ، قَالَ: صَحِبْتُ ابْنَ عُمَرَ إِلَى المَدِينَةِ فَلَمْ أَسْمَعْهُ يُحَدِّثُ عَنْ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ إِلَّا حَدِيثًا وَاحِدًا، قَالَ: كُنَّا عِنْدَ النَّبِيِّ ﷺ فَأُتِيَ بِجُمَّارٍ فَقَالَ إِنَّ مِنَ الشَّجَرِ شَجَرَةً، مَثَلُهَا كَمَثَلِ المُسْلِمِ، فَأَرَدْتُ أَنْ أَقُولَ: هِيَ النَّخْلَةُ، فَإِذَا أَنَا أَصْغَرُ القَوْمِ فَسَكَتُّ قَالَ النَّبِيُّ ﷺهِيَ النَّخْلَةُ.