(Ýene-de Mahmud ibn Ar-Rabi’) şeýle diýipdir: “Men şu gürrüňi ‘Ytban ibn Mälikden we Benu Sälim tiresinden bolan bir adamdan eşitdim. ‘Ytban ibn Mälik şeýle diýdi: “Men öz kowumyma, Benu Sälim tiresine ymam bolup namaz okap bererdim. Bir gün men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Eý, Allahyň Resuly, meniň gözlerim gaty küteldi, ýagyş ýagan wagtlary, sil gelip olaryň mesjidlerine baryp bilemok. Şonuň üçin hem namaz okamaga bir ýer ediner ýaly, meniň öýüme gelip, namaz okap bermegiňi arzuw edýärin” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Allah islese ederin!” diýdi. Ertesi gün ir bilen Gün birneme ýokaryk galandan soň, Allahyň Resuly Ebu Bekr bilen bilelikde meniň ýanyma geldiler. Allahyň Resuly öýe girmäge rugsat sorady, men Oňa rugsat berdim. Ol öýe girip oturmazdan öň maňa: “Öýüň niresinde namaz okamaklygymy isleýärsiň?” diýdi. ‘Ytban Oňa namaz okamagy gowy görýän bir ýeri görkezdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şol ýerde namaza durdy, biz hem onuň arkasynda hatar bolup namaza durduk. Soňra Ol egnine salam berdi, Ol salam beren wagty biz hem salam berdik”.