"Abdulla ibn Abbasdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ‘Ukaz bazaryna gitmek üçin birnäçe sahabasy bilen ýola düşdi. Şol döwürler şeýtanlaryň asmandan habar almaklarynyň öňi alnan döwür bolup, olar habar almak üçin ýokary galanlarynda, üstlerine şihäb otlary sowrulýardy. Asmandan kowlan şeýtanlar öz kowumlarynyň ýanyna gaýdyp gelenlerinde, olardan: “Size näme boldy?” diýip sorapdyrlar. Olar hem: “Biz asmandan habar almakdan çetleşdirildik. Biziň üstümize gökdäki şihäb otlary zyňyldy” diýipdirler. Olara: “Siziň asman habarlaryny almagyňyza päsgel berýän näme-de bolsa, diňe täze peýda bolan bir zat bolmaly. Ýeriň gündogaryny, günbataryny aýlanyň-da asmandan habar almagyňyza päsgel beren bu zadyň nämedigini biljek boluň” diýipdirler.
Olaryň arasyndan sogurulyp, Tihama tarapyna ugran bir topar, ‘Ukaz bazaryna gitmek üçin Nahla diýilýän ýerde düşlän, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna barypdyrlar. Şol wagt Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şol ýerde sahabalar bilen ertir namazyny okap durdylar. Şeýtanlar Kurany eşidip, oňa gulak salypdyrlar-da, biri-birlerine: “Wallahi, asmandan habar almakdan bizi çetleşdiren, ine, şu bolmaly” diýişipdirler. Soňra hem olar öz kowumlarynyň arasyna dolanyp baryp: “Eý, kowumdaşlar! “Takyk, biz dogry ýoly görkezýän ajaýyp bir Kurany diňledik we oňa iman etdik. Biz mundan soň hiç haçan Perwerdigärimize hiç kimi şärik goşmarys” {Jyn:2} diýipdirler. Soňra Allah Öz Pygamberi sallallahu aleýhi weselleme şu (aýatlary) inderdi: “Aýt (Eý, Muhammed!): “Maňa jynlardan bir toparyň Kurany diňländikleri wahyý edildi” {Jyn:1}. Şeýdip şu süräniň üsti bilen Oňa jynlaryň öz ara gürrüňleri habar berildi”.
"
“• ‘Ukaz – Mekgeden 100 km uzaklykda, ýylda gurnalýan ýarmarkanyň ady.
• Jynlar asmana çykyp, Perişdeleriň arasynda Allahyň buýruklaryny diňlär ekenler. Soňra ýerde olary aýdyp bererler ekenler.
• Tihama – Gyzyl deňziň kenarynda ýerleşýän bir ýeriň ady.
”