757

95-nji bap

757

95-nji bap

757

95-nji bap

"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Resulullah sallallahu aleýhi wesellem mesjide girdi. Şol wagt başga biri-de mesjide girip namaz okady. Soňra gelip Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme salam berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem onuň salamyny alandan soň: “Yzyňa git-de, namazyňy täzeden oka. Çünki sen namaz okamadyň” diýdi. Ol adam yzyna dolanyp, öňküsi ýaly gaýtadan namaz okady. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip, ýene salam berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Yzyňa git-de, namazyňy gaýtadan oka. Çünki sen namaz okamadyň” diýdi. Bu ýagdaý şeýdip, üç gezek gaýtalandy. Iň soňunda ol adam: “Seni hak bilen iberenden kasam edýärin, mundan başga hili namaz okalyşyny bilmeýärin. Maňa dogrusyny öwret!” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa şeýle diýdi: “Namaz okamaga duranyňda ilki “Allahu Akbär” diýip, tekbir al. Soňra Kuranyň aýatlaryndan ýat tutanlaryňdan özüňe iň aňsat düşýänini oka. Soňra rukuga gidip, tä, beden agzalaryň ýerli-ýerine barýança dur. Soňra başyňy galdyryp, aýak üstünde doly dikelýänçäň dur. Soňra sejdä gidip, beden agzalaryň ýerli-ýerine barýança sejde-de dur. Soňra sejdeden başyňy galdyryp, beden agzalaryň barmaly ýerine barýança, dur. Tutuş namazyňda şeýle et” diýdi. "

حَدَّثَنَا مُحَمَّدُ بْنُ بَشَّارٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا يَحْيَى، عَنْ عُبَيْدِ اللَّهِ، قَالَ: حَدَّثَنِي سَعِيدُ بْنُ أَبِي سَعِيدٍ، عَنْ أَبِيهِ، عَنْ أَبِي هُرَيْرَةَ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ دَخَلَ المَسْجِدَ فَدَخَلَ رَجُلٌ، فَصَلَّى، فَسَلَّمَ عَلَى النَّبِيِّ ﷺ، فَرَدَّ وَقَالَ: «ارْجِعْ فَصَلِّ، فَإِنَّكَ لَمْ تُصَلِّ»، فَرَجَعَ يُصَلِّي كَمَا صَلَّى، ثُمَّ جَاءَ، فَسَلَّمَ عَلَى النَّبِيِّ ﷺ، فَقَالَ: «ارْجِعْ فَصَلِّ، فَإِنَّكَ لَمْ تُصَلِّ» ثَلاَثًا، فَقَالَ: وَالَّذِي بَعَثَكَ بِالحَقِّ مَا أُحْسِنُ غَيْرَهُ، فَعَلِّمْنِي، فَقَالَ: «إِذَا قُمْتَ إِلَى الصَّلاَةِ فَكَبِّرْ، ثُمَّ اقْرَأْ مَا تَيَسَّرَ مَعَكَ مِنَ القُرْآنِ، ثُمَّ ارْكَعْ حَتَّى تَطْمَئِنَّ رَاكِعًا، ثُمَّ ارْفَعْ حَتَّى تَعْدِلَ قَائِمًا، ثُمَّ اسْجُدْ حَتَّى تَطْمَئِنَّ سَاجِدًا، ثُمَّ ارْفَعْ حَتَّى تَطْمَئِنَّ جَالِسًا، وَافْعَلْ ذَلِكَ فِي صَلاَتِكَ كُلِّهَا «.