Zeýd ibn Säbitden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem remezan aýynda özüne aýratyn bir hüjre edinip, gijelerine şol ýerde namaz okamaga başlady. Sahabalardan käbirleri hem Onuň namazyna uýup, namaz okap başladylar. Ol mundan habardar bolup, öýünden çykman başlady. Soň olaryň ýanyna çykyp: “Şu eden işiňizi görüp, begendim. Ýöne eý, adamlar, bu nepil namazlaryny öýleriňizde okaň. Çünki parz namazlaryndan başga, namazyň iň gowusy her kimiň öz öýünde okan namazydyr” diýdi.