Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Elbetde, ymam diňe oňa uýmak üçin bellenýändir. Şonuň üçin hem ymama ters iş etmäň. Rukuga gitse, siz hem gidiň. “Sämi’allahu limän hämidäh” diýen wagty, siz: “Robbänä läkäl-hämd” diýiň. Eger sejde etse, siz hem sejde ediň. Eger oturan ýerinden namaz okasa, siz hem hemmäňiz, oturyp namaz okaň. Namazda saplaryňyzy dogrulaň. Çünki saplary dogurlamak, namazyň gözelligindendir”.