"Ebu Mes’udyň habar bermegine görä, bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Wallahy, ýa Resulallah, pylany bize namaz okanda şeýle uzak okaýanlygy sebäpli, men ertir namazyna gelip bilemok” diýdi”.
(Hadysy rowaýat eden Ebu Mes’ud El-Ensary): “Men hiç haçan Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň wagyz edende şol günki ýaly gaharlananyny görmändim” diýdi. Soňra Ol: “Araňyzda adamlary (namazdan we jemagatdan) irizýänleriňiz bar. Kimde kim namazda adamlara ymam bolsa, namazyny gysga okasyn. Çünki olaryň içinde ejizi bar, garrysy bar we işli-dertlisi bardyr” diýdi”.
"