Mu’minleriň enesi Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hassa wagty, namazy öýünde okady. Ol namazyny oturyp okady, yzyndaky adamlar bolsa dik durup okadylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara: “Oturyň!” diýip yşarat etdi. Namazyny okap bolandan soň: “Ymam, diňe oňa uýmak üçin bellenýändir. Eger (ymam) rukuga gitse, siz hem gidiň, başyny galdyrsa, siz hem galdyryň. Oturyp namaz okasa, siz hem oturyp namaz okaň” diýdi.