"Ebu Jemre şeýle diýdi: “(Bir gün) men Ibn Abbas bilen otyrdym. Ibn Abbas meni öz oturgujynyň (krowadynyň) üstünde oturdyp: “Meniň ýanymda gal, malymdan – (baýlygymdan) saňa-da bir paý bereýin” diýdi. Men onuň ýanynda iki aý galdym. Soňra maňa şeýle diýdi: “Haçan-da, Abdulkaýs (taýpasynyň) wekiliýeti Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelenlerinde, (Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem) olardan ”Kim bu adamlar?” ýa-da “(Kim bu topar?)” diýip sorady. Olar “Rabigadan” diýip jogap berdiler. Ol “Hoş geldiňiz! Allah sizi utandyryp, puşman etdirmesin!” diýdi.
Olar “Ýa Resulallah! Biz seniň ýanyňa diňe Haram aýyndan başga wagt gelip bilmeýäris, çünki biziň bilen siziň araňyzda Mudar taýpasynyň kapyrlary ýerleşýär. Şonuň üçin bize çürtkesik anyk bir zady emr et. Biz hem ony yzymyzda galanlara-da habar bereli, hem-de olary edip, özümizem Jennete gireli!” diýdiler.
Olar içilýän zatlar hakynda soradylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara dört zady emr etdi we dört zady gadagan etdi. Olara ýalňyz Allahyň özüne iman etmekligi emr etdi. Soňra olardan “Ýalňyz Allahyň özüne iman etmekligiň nämedigini bilýäňizmi?” diýip sorady. Olar: “Allah we Onuň Resuly has gowy bilýändir” diýip jogap berdiler. Şonda Ol “Allahdan başga hiç bir hudaýyň ýoklugyna, Muhammediň hem Allahyň Ilçisidigine şaýatlyk etmek, namazy berjaý etmek, zekat bermek, Remezan aýynda roza tutmak we oljadan (düşen zatlardan) bäşden birini (beýtul mala) bermekdir” diýip düşündirdi.
Dört zady hem gadagan etdi: Hantamy, dubbany, nakyry hem-de muzaffaty (ýa-da mukaýýary) gadagan etdi. Soňra Ol şeýle diýdi: “Şulary ýat tutuň hem-de bular hakda yzyňyzdakylara hem habar beriň!”.
(Bellik: Dubba – çakyr öndürmek üçin ulanylýan guradylan kädiden ýasalan gap-gaç. Hantam – çakyr daşalýan ýörite küýze. Mukaýýar – ilki ýag daşalýan gap bolup, soň onda çakyr ýasap başlapdyrlar. Nakyr – hurma agajyny oýup, içinde çakyr ýasapdyrlar)."