"Abdulla ibn Abbas, Ebu Sufýan ibn Harbdan habar berip şeýle diýdi:
Gerakl oňa şeýle diýipdir:
-Men senden olaryň sany köpelýärmi ýa azalýarmy? diýip soradym. Sen köpelýär, diýdiň. Imanyň ýagdaýy tä, kämillik derejesine ýetýänçä şeýle hem bolýandyr – diýdi.
-Men senden içlerinde Onuň dinini kabul edenden soň, nägile bolup dininden dänip, çykanlar boldumy? diýip soradym. Sen ýok, diýdiň. Haçan-da (hakyky) iman, ýüreklere ornaşanda (bu şeýle hem) bolýandyr, ony hiç kim ýigrenip bilmez – diýdi. "