Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Munafyklar üçin ertir we ýassy namazlaryndan has agyr düşýän namaz ýokdur. Eger-de, bu iki namazy (mesjitde jemagat bilen okamagyň) nähili sogabynyň bardygyny bilseler-di, emedekläp, süýrene-süýrene gelmelem bolsalar gelerdiler. Kämahallar içimden: “Azança kamat aýtmagy emr edeýin-de, kimdir birine-de ymam bolmagy buýrup, özüm hem bir bölek ody elime alyp, (azan sesini eşidenlerinden soň hem) namaza gelmedik adamlaryň öýlerini üstlerine otlap gaýdaýyn” diýerdim”.