"Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir wagtlar) Benu selime tiresi öýlerini terk edip, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öýüne golaýrak bir ýere göçüp gelmekçi boldular. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Medinäniň çet taraplarynyň goragsyz, boş galmagyny islemän, olara: Siz, näme, (mesjide barmak üçin) äden ädimleriňiziň sogabyny hasaba almaýarsyňyzmy?” diýdi.
Mujahid: “Olaryň äden ädimleri, Ýeriň ýüzünde ýörän wagtlary aýaklary bilen galdyran yzlarydyr” diýipdir.
"