614

8-nji bap

614

8-nji bap

614

8-nji bap

Jäbir ibn Abdulladan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir: “Azan sesini eşiden adam “Allahummä robbä häzihid-da’wati-t-tämmäti, wässolätil-koimäti, äti Muhammädänil-wäsilätä, wäl-fadylata, wäb-‘ashu makomän mahmudanil-läzi wa’adtähu” (Eý, şu bir kemsiz kämil dagwatyň (çagyryşyň) we okaljak namazyň Robby bolan Allahym! Muhammede Wesiläni we fazylaty ber! Ony wada beren ýeriň bolan Makami-Mahmuda gowuşdyr!) diýip, şu (dogany) okasa, ol adam Kyýamat güni Meniň şepagatyma mynasyp bolar”.

حَدَّثَنَا عَلِيُّ بْنُ عَيَّاشٍ، قَالَ: حَدَّثَنَا شُعَيْبُ بْنُ أَبِي حَمْزَةَ، عَنْ مُحَمَّدِ بْنِ المُنْكَدِرِ، عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ: أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ ﷺ قَالَ: مَنْ قَالَ حِينَ يَسْمَعُ النِّدَاءَ: اللَّهُمَّ رَبَّ هَذِهِ الدَّعْوَةِ التَّامَّةِ، وَالصَّلاَةِ القَائِمَةِ آتِ مُحَمَّدًا الوَسِيلَةَ وَالفَضِيلَةَ، وَابْعَثْهُ مَقَامًا مَحْمُودًا الَّذِي وَعَدْتَهُ، حَلَّتْ لَهُ شَفَاعَتِي يَوْمَ القِيَامَةِ.

Salgylanma:

“• Wesile – diňe Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme beriljek Jennetiň iň beýik derejesi. • Makamy – Mahmud – Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme wada berlen iň ýokary (aýratyn) bir dereje. ”