601

40-nji bap

601

40-nji bap

601

40-nji bap

Abdulla ibn Omardan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gezek) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ömrüniň ahyrlan döwründe ýassy namazyny okady. Ol egnine salam berenden soň, ýerinden turup: “Şu gijäňizi görýärsiňizmi? Bu gijeden ýüz ýyl geçenden soň, Ýeriň ýüzünde häzirki ýaşap ýören adamlardan hiç kim galmaz” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem beýle diýmek bilen şol nesiliň şu döwriň içinde ýogalyp gutarjakdygyny habar bermek isledi.

حَدَّثَنَا أَبُو اليَمَانِ، قَالَ: أَخْبَرَنَا شُعَيْبٌ، عَنِ الزُّهْرِيِّ، قَالَ: حَدَّثَنِي سَالِمُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عُمَرَ، وَأَبُو بَكْرٍ ابْنُ أَبِي حَثْمَةَ، أَنَّ عَبْدَ اللَّهِ بْنَ عُمَرَ، قَالَ: صَلَّى النَّبِيُّ ﷺ صَلاَةَ العِشَاءِ فِي آخِرِ حَيَاتِهِ، فَلَمَّا سَلَّمَ، قَامَ النَّبِيُّ ﷺ، فَقَالَ: «أَرَأَيْتَكُمْ لَيْلَتَكُمْ هَذِهِ، فَإِنَّ رَأْسَ مِائَةٍ، لاَ يَبْقَى مِمَّنْ هُوَ اليَوْمَ عَلَى ظَهْرِ الأَرْضِ أَحَدٌ» فَوَهِلَ النَّاسُ فِي مَقَالَةِ رَسُولِ اللَّهِ ﷺ، إِلَى مَا يَتَحَدَّثُونَ مِنْ هَذِهِ الأَحَادِيثِ، عَنْ مِائَةِ سَنَةٍ، وَإِنَّمَا قَالَ النَّبِيُّ ﷺ: «لاَ يَبْقَى مِمَّنْ هُوَ اليَوْمَ عَلَى ظَهْرِ الأَرْضِ» يُرِيدُ بِذَلِكَ أَنَّهَا تَخْرِمُ ذَلِكَ القَرْنَ.

Salgylanma:

• Bu sözler Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň hakyky pygamberdigine delalat edýän sözlerdir, çünki anyk ýüz ýyldan soň Onuň iň soňky sahabasy ölüpdir.