"Kurratu-bnu Halidden rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün) biz ders almak üçin Hasan Al-Basra garaşdyk. Ol gijä galyp, dersiň gutarmagyna az wagt galanda geldi. Ol gelenden soň: “Bizi şu pylan goňşularymyz çagyrdy” diýdi. Soňra ol bize Enes ibn Mälik şeýle diýip aýtdy diýdi: “(Bir gezek) biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme gijäniň ýarymyna çenli garaşdyk. Soňra gelip, bize namaz okap berdi. Soňra wagyz edip, şeýle diýdi: “Adamlar eýýäm namazlaryny okap, uklap galdylar. Emma siz näçe namaza garaşyp durdugyňyzça, namazda ýaly hasap edilersiňiz”.
Hasan (Basry) hem şeýle diýdi: “Bir kowum bir haýyr işi üçin näçe garaşyp durduklaryça, olar şol haýryň içinde bolarlar”.
Kurra şeýle diýdi: “Hasanyň bu aýdan sözi, Enesiň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden rowaýat eden hadysyndandyr”.
"