599

39-nji bap

599

39-nji bap

599

39-nji bap

"Ebul-Minhaldan rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Men (bir gün) kakam bilen bilelikde Ebu Barza Al-Asläminiň (Allah ondan razy bolsun) ýanyna bardym. Kakam ondan: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem parz namazlaryny nähili okardy?” diýip sorady. Ol şeýle jogap berdi: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem siziň birinji (namaz) diýip atlandyrýan öýle namazyňyzy, Gün günortadan günbatara tarap meýil edip başlan badyna okardy. Ikindi namazyny okap bolandan soňra bolsa, biziň birimiz Medinäniň iň uzak çetinde ýerleşýän öýüne dolanyp baran mahalynda-da, Gün diri bolup, (henizem özüniň gyzgynlygyny ýitirmezdi.) (Bu hadysy rowaýat eden adam) “Agşam namazy hakynda aýdan sözlerini ýadymdan çykarypdyryn” diýdi. Ol ýene-de şeýle diýdi: “Ýassy namazyny giç okamagy gowy görerdi. Ýassy namazyndan öň uklamagy we namazdan soň bolsa gürleşip oturmagy halamazdy. Ol ertir namazyny biziň her birimiz ýanyndaky oturanyň kimdigini tanap başlan wagtynda okap bolardy. Ol altmyş aýatdan ýüz aýata çenli okardy”. "

حَدَّثَنَا مُسَدَّدٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا يَحْيَى، قَالَ: حَدَّثَنَا عَوْفٌ، قَالَ: حَدَّثَنَا أَبُو المِنْهَالِ، قَالَ: انْطَلَقْتُ مَعَ أَبِي إِلَى أَبِي بَرْزَةَ الأَسْلَمِيِّ، فَقَالَ لَهُ أَبِي: حَدِّثْنَا كَيْفَ كَانَ رَسُولُ اللَّهِ ﷺ يُصَلِّي المَكْتُوبَةَ؟ قَالَ: كَانَ يُصَلِّي الهَجِيرَ - وَهِيَ الَّتِي تَدْعُونَهَا الأُولَى - حِينَ تَدْحَضُ الشَّمْسُ، وَيُصَلِّي العَصْرَ، ثُمَّ يَرْجِعُ أَحَدُنَا إِلَى أَهْلِهِ فِي أَقْصَى المَدِينَةِ وَالشَّمْسُ حَيَّةٌ - وَنَسِيتُ مَا قَالَ فِي المَغْرِبِ - قَالَ: وَكَانَ يَسْتَحِبُّ أَنْ يُؤَخِّرَ العِشَاءَ، قَالَ: وَكَانَ يَكْرَهُ النَّوْمَ قَبْلَهَا، وَالحَدِيثَ بَعْدَهَا، وَكَانَ يَنْفَتِلُ مِنْ صَلاَةِ الغَدَاةِ، حِينَ يَعْرِفُ أَحَدُنَا جَلِيسَهُ، وَيَقْرَأُ مِنَ السِّتِّينَ إِلَى المِائَةِ.

Salgylanma:

• Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Jebraýyl aleýhissalam bilen birinji okan namazy öýle namazy bolansoň, birinji namaz diýipdirler.