"Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem iki hili söwda etmegi we iki hili geýinmegi gadagan etdi (bular hakda ýokarda-da agzalyp geçildi.)
Şeýle hem iki hili namazy: “Ertir namazyndan soň Gün dogýança, ikindi namazyndan soňra hem Gün ýaşýança, namaz okamagy gadagan etdi”.
(Gadagan edilen geýimler şulardyr): “Iştimalis-Sommä” (gollaryňy daşyna çykaryp bolmajak derejede bütin endamyňy dolap, bir eşige bürenmek.)
Şeýle hem “Ihtibä” (ýeke bir köýnek geýip, ýanbaşysynyň üstüne oturyp, dyzlaryny ýokaryk galdyryp, elleriň bilen dyzlaryny gujaklap we uýat ýerleriniň üstüni ýapman oturmagy) gadagan etdi.
(Iki hili gadagan edilen söwda): “Eliňi degirmek we zyňmak arkaly edilýän söwdalardyr”.
"
• Bulara “Limäs we nibäz” diýilýär. Bular Yslamdan öňki jähilyýet döwründe edilýän söwdalaryň bir görnüşi bolup, bir zady ellemek ýa-da öňüne zyňmak bilen söwda amala aşýan eken. Yslamda bular gadagan edildi.