"Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir: “(Bir gün men) gämili bile gelen ýoldaşlarym bilen bilelikde “Baky’ Buthanda” düşledim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (şol wagtlar) Medinede-di. Her gije ýassy namazynyň wagty gelende, biziňkilerden bir topar adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gezekleşip barardylar. Men hem bir gezek ýoldaşlarym bilen Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna baranymda, Ol bir zatlar bilen meşgul bolandygy sebäpli, (ýassy) namazyny gijäniň ýarymyna çenli gijikdirdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem çykyp, mesjitde garaşyp oturan adamlar bilen namaz okady. Namaz okap bolandan soňra olara ýüzlenip: “Gitmäge howlukmaň. Size bir buşlugum bar! Adamlaryň arasynda sizden başga häzirki pursatda namaz okaýan hiç bir kişiniň bolmazlygy, Allahyň size eçilen nygmatlarynyň biridir” ýa-da “(...sizden başga şu sagatda hiç kim namaz okamady)” diýdi.
(Bu hadysy rowaýat eden Ebu Musa) Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň bu iki jümläniň haýsysyny aýdandygyny anyk bilmändigini aýdyýar”.
Ýene-de Ebu Musa şeýle diýdi: “Biz Allahyň Resulyndan eşiden zatlarymyza begene-begene, yzymyza gaýdyp geldik”.
"